Iň gowy “Android” smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

  • 31.12.2020 15:02
  • 12k+

Gizmochina portaly 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň oňat “Android” smartfonlarynyň reýtingini hödürledi. Reýting düzülende mobil telefonlaryna dürli taraplardan seredildi diýip, news.ru habar berýär.

Reýtingi düzüjileriň pikiriçe, kamerasynyň hili taýdan Huawei Mate 40 Pro+  öňdeligi eýeleýär. Onuň tapawutly aýratynlygy hökmünde islendik ýagtylykda ýokary hilli surata düşmäge mümkinçilik berýän bäş kamera bilen enjamlaşdyrylandygy görkezilýär.
Iň gowy taraplardan tapawutlanan Xiaomi Mi 10 "Gizmochina" tarapyndan iň oňat hemme taraplaýyn flagman diýlip saýlandy.
Şol kompaniýanyň başga bir modeli - Mi 10T Pro 5G - bahasy bilen hili sazlaşýan iň gowy flagman hökmünde ykrar edildi. Smartfon 144 gerts ekrany, “Snapdragon 865” prosessory, üç kamera we çalt zarýad bermegi goldaýan güýçli batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýygnalýan smartfonlaryň arasynda öňdeligi uly ekranly, gowy batareýaly we güýçli "Snapdragon 865+" prosessorly Samsung Galaxy Z Fold 2 eýeleýär. Ýygnalýan “LG Wing” smartfony üýtgeşik swing mehanizmi üçin reýtingi düzüjiler tarapyndan aýratyn bellenilýär.
“OnePlus Nord” 5G-li býudjet enjamlarynyň arasynda iň gowusy diýlip yglan edildi. Bu enjam 90 gerts AMOLED displeýi, alty kamera, "Snapdragon 765G" prosessory we çalt zarýad beriji batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr.

düýn 16:10
2.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.8k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
936

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....