“Mitsubishi” iň ygtybarly hereketlendirijili awtoulag boldy

  • 30.12.2020 22:48
  • 12k+

Ätiýaçlyk şaýlarynyň we hyzmat dolanyşygynyň analitikasy boýunça ýöriteleşen CarMD kompaniýasy iň ygtybarly hereketlendirijili ulag serişdeleriniň täzelenen reýtingini mälim etdi. Bu barada fbm.ru habar berýär.

Hünärmenler gözlegiň çäginde 1996-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ABŞ-da öndürilen we satylan 15,5 milliondan gowrak awtoulagy gözden geçirdi. Awtoulaglaryň reýtingdäki bahasy we pozisiýasy hereketlendirijiniň işleýiş ýygylygyna - awtoulagyň dolandyryş panelinde işleýän we hereketlendirijiniň näsazlygy we ony barlamagyň zerurlygy barada maglumat berýän görkezijä esaslandy.
Şeýlelik bilen, ýylyň dowamynda bu görkeziji boýunça iki setir ýokarlanan “Mitsubishi” brendiniň modelleri reýtingiň başyny çekdi.
Ondan soň bolsa bir basgançak aşaklan “Mersedes-Benz” gelýär, üçünji orunda bolsa “Volkswagen” ýerleşýär. Dördünji we bäşinji orunlary amerikaly "Buik" we "Ford" eýeledi, abraýly ilkinji onlugyň ikinji bäşligine "Mazda", "BMW", "GMC", "Subaru" we "Cadillac" girdi.

düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......