Türkmenistan 11 aýda nebitgaz eksportyndan 4,13 mlrd dollar girdeji aldy

  • 27.12.2020 15:16
  • 6k+

2020-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan alan girdejileri 4,13 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada  Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Geçen döwürde 8,7 mln tonna nebit we gaz kondensaty, şeýle hem 62,3 mlrd kub metr gaz çykaryldy. 31 mlrd kub metrden gowrak «mawy ýangyç» eksporta iberildi.
Şu ýylyň 11 aýynda nebitgaz pudagy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,1 milliard manada deň boldy, bu bolsa 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 492 million manat köpdür.
Daşary ýurtlarda durnukly islegden peýdalanýan suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberleri 231 müň tonna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 42,3 müň tonna artykdyr.
Ýanwar-noýabr aýlarynda  Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 1,7 million tonnadan gowrak dürli kysymly awtobenzin we 1,65 million tonnadan gowrak dizel ýangyjy öndürildi. Bu önümleriň aglaba bölegi daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan satyldy.
Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietileniň satuwy ýylyň başyndan bäri, 3 esseden gowrak ýokarlandy. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen bu önümiň 140 müň tonnasy satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 95 müň tonna artykdyr.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......