“The Guardian” Lewandowskini 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip yglan etdi

  • 25.12.2020 17:53
  • 6.1k+

“The Guardian” neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy 100 futbolçysynyň sanawyny düzdi. Sanawda birinji orny “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski eýeledi. Bu barada metaratings.ru habar berýär.

Polşaly hüjümçiden başga-da ilkinji on oýunçynyň arasynda Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kewin De Bruýn, Sadio Mane, Erling Holland, Kilian Mbappe, Mohammed Salah, Neýmar we Wirjil Wan Deýk bar.
Neşir 2019-njy, 2017-nji we 2015-nji ýyllarda Messini ýylyň iň gowy oýunçysy diýip ykrar edipdi. Bu ada 2018-nji ýylda - Luka Modriç, 2016-njy ýylda - Kriştianu Ronaldu mynasyp boldy.
32 ýaşly Lewandowski bu möwsümde 18 oýunda 20 pökgi geçirip, 5 asist berdi. Transfermarkt portaly onuň bazar bahasyny 60 million ýewro diýip çaklaýar. Onuň häzirki kluby bilen baglaşan şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Mundan öň Lewandowski FIFA, "FourFourTwo", "Goal" tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanypdy.

şu gün 11:43
559

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. ...

şu gün 10:04
1.9k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
4.6k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
5.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......