Buýan köki koronawirusa garşy tebigy derman serişdesi bolup biler

  • 23.12.2020 02:08
  • 17k+

Essendäki (Germaniýa) uniwersitet hassahanasynyň  alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarlanyldy. Barlaghana derňewleri üçin ylmy topar 8 ml süýji buýan köküniň ekstraktyny taýýarlady. Soňra dürli dozalarda taýýarlanylan şire koronawirusyň ýüz we 50 göterim ýokanç dozalaryna goşuldy hem-de 37°C temperaturada bir sagatlap inkubasiýa edildi. Muny ýörite goşulan Vero E6 öýjüklerinde gaýtaladylar.

Buýan köküniň suwly ekstrakty 0,5-1 mg/ml konsentrasiýasynda bitaraplaşdyryjy täsirini görkezdi. Derňewiň awtorlary garyndynyň täze görnüşli koronawirusy bejermekde täsirli bolup biljekdigini çaklaýarlar. Işiň netijeleri bioRxiv kitaphanasynda neşir edildi, diýip Ria Nowosti habar berýär.
Ozal antioksidant we çişmä garşy häsiýetlere eýe bolan glikirriz kislotasynyň wirusa garşy häsiýetleri ýönekeý gerpesiň we käbir beýleki wiruslaryň mysalynda subut edildi.
Alymlaryň belleýşi ýaly, buýan köküniň we glikirriziň koronawirusa täsirini olaryň bejeriş netijeliligini tassyklamak üçin jikme-jik öwrenmek gerek. Ýöne bu maddanyň howpsuzdygy we ýeňil geçirilýändigi eýýäm bellidir.
Gippokrat we Galen ýaly gadymyýetiň abraýly lukmanlary bejergi işlerinde buýan köküni giňden ulanypdyrlar. Meşhur Awisenna bolsa böwrek kesellerinde, gyzzyrmada we öýken kesellerinde buýan köküni maslahat beripdir.
Türkmenistanda buýan köki gadymy döwürlerden bäri dermanlyk maksady bilen peýdalanylýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, türkmen buýany hili we sarp ediji häsiýetleri boýunça dünýäde iň gowularynyň biri hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynda süýji buýan köküniň peýdasy barada gymmatly maglumatlar saklanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň esasynda buýan önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýän “Buýan” agrosenagat toplumy bar. Köküň özi, onuň goýy we gury ekstrakty ýurtda hem-de daşary ýurtlarda uly islege eýedir.

09.06.2026 23:14
6.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....