Messi karýerasynda 7-nji gezek La Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

  • 22.12.2020 20:37
  • 7.9k+

"Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi duşenbe güni her ýyl "Marca" neşiri tarapyndan möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysyna gowşurylýan “Piçiçi” kubogyny aldy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

33 ýaşly argentinaly oýunçynyň bu kubogy aljakdygy eýýäm iýul aýynyň ahyrynda mälim bolupdy. 2019/20 möwsüminde ol 33 oýunda 25 gezek garşydaşlaryň derwezesine gol geçirdi.
Hüjümçi “Piçiçi” kubogyny karýerasynda 7-nji gezek alýar. Ol mundan ozal bu baýraga 2010, 2012, 2013, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda mynasyp bolupdy.
Ýeri gelende bellesek, baýrak Bilbaonyň "Atletik" klubunyň “Piçiçi” lakamly oýunçysy Rafael Moreno Aransandiniň adyny göterýär.

“Ýene bir gezek minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu baýragy ýedinji gezek alýanyma buýsanýaryn. Sarranyň gazananlaryndan öňe geçmek meniň üçin köp zady aňladýar"-diýip, Messi "Barselonanyň" Twitter hasabynda çap edilen wideoda aýdýar.

Messi "Piçiçi" kuboklaryny gazanmagyň sany boýunça rekord eýesi bolup durýar. Ikinji ýerde baýraga alty gezek eýe bolan Telmo Sarra ýerleşýär. Ugo Sançes, Alfredo Di Stefano we Kini - bularyň hersi bäş gezek baýragy aldy. Ferens Puşkaş kuboga dört, Kriştianu Ronaldu bolsa üç gezek bu baýraga mynasyp boldy.

şu gün 14:50
3.6k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 11:43
1.3k+

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. ...

şu gün 10:04
3.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
7.2k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....