2020-nji ýylyň iň oňat gadjetleriniň reýtingi düzüldi

  • 20.12.2020 20:08
  • 21k+

"The Verge" neşiri tamamlanyp barýan 2020-nji ýylyň iň gowy smartfonlarynyň, kompýuterleriniň we beýleki enjamlarynyň sanawyny düzdi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

“The Verge" boýunça iň oňat smartfonlary diýlip “Samsung Galaxy S20” we “S20 +” flagmanlary saýlandy. Enjamlar ýakyn geljegiň talaby bolan 5G aragatnaşygyny goldaýar.
Iň oňat smartfonlaryň arasynda “Apple”-iň iň soňky modelleriniň biri - ykjam flagman “iPhone 12 mini” hem bar.

Iň görnükli epilýän enjam Samsung Galaxy Z Fold2 boldy .

“Apple”-iň öz M1 çipi bilen işleýän “MacBook” ýylyň kompýuteri diýen ada eýe boldy. Oýun pudagynda Nvidia we AMD, Xbox Series X we S, PlayStation 5-den täze wideo kartalary bellenildi.

“The Verge”-niň habaryna görä, adaty gowy enjamlar - oýun üçin niýetlenen "Asus ROG G14 Zephyrus" noutbugy, "GoPro Hero 9" kamerasy, "DJI Mini 2" drony we "Sony WH-1000XM4" nauşnikleri boldy.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......