Berlin halkara film festiwaly 2021-nji ýylda wirtual formatda geçiriler

  • 19.12.2020 19:02
  • 3.1k+

Her ýyl geçirilýän Berlin halkara film festiwaly bu ýyl onlaýn ýagdaýda geçiriler diýip, “Variety” agentligine salgylanyp, Sputnik habar berýär.

Berlinale-2021-niň guramaçylary ozal festiwaly 11-21-nji fewral aralygynda adaty formatda geçirmegi meýilleşdirýärdiler. Şeýle-de bolsa, koronawirus pandemiýasy ýagdaýlary düýpgöter üýtgetdi: festiwala adamlar fiziki taýdan gatnaşmaz we onuň senesi mart aýyna çenli yza süýşüriler.

"Berlinale mart aýynyň başynda konkurs seksiýasyny wirtual formatda geçirmegi meýilleşdirýär. Iýun aýynyň başynda birnäçe dünýä premýeralarynyň görkezilişini öz içine alýan mini-festiwal meýilleşdirilýär" diýlip, habarda aýdylýar.

Geçen ýyl Berlinale guramasy üçin häkimiýetler 27 million ýewrodan gowrak serişde bölüp berdiler. Maliýeleşdirmegiň esasy bölegi ýurduň hökümetine degişlidir. Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, häkimiýetler festiwalyň çykdajylaryny çekmek islemediler.
Berlinaleniň guramaçylary meýilnamalaryny biraz soň resmi taýdan yglan etjekdiklerini aýtdylar.

"Biz henizem festiwalyň fiziki taýdan geçirilmegini we 2021-nji ýylda duşuşyk ýerine öwrülmegini isleýäris" -diýlip, film festiwalynyň resmi web sahypasynda ýüzlenme ýerleşdirildi.

Berlinale - Kan we Wenesiýa film festiwallary bilen deň derejeli hasaplanýar. 1951-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýän festiwal öten ýyl özüniň 70 ýyllygyny belläp geçdi.
Onuň esasy baýragy bolan “Altyn aýy” - ýylyň iň gowy filmi üçin berilýär. Geçen ýyl emin agzalary eýranly Mohammad Rasulofyň işine iň ýokary baha berdiler. Režissýor festiwala "Ýamanlyk ýok" filmini hödürledi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....