“Liwerpul” “Tottenhemden” üstün çykyp, APL-de öňdeligi eýeledi

  • 17.12.2020 18:01
  • 5.5k+

Angliýanyň Premýer ligasynyň 13-nji tapgyr duşuşygynda, iki lideriň arasyndaky gapma-garşylykda “Liwerpul” “Tottenhem Hotspury” 2-1 hasabynda ýeňip, turnir sanawynda birinji orny eýeledi. Oýun “Enfild” stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ýurgen Kloppyň oýunçylary işjeň hereket etdi, “Tottenhem” bolsa çalt garşylykly hüjümlere bil baglady. Oýnuň birinji ýarymynda Mohamed Salahyň (26-njy minut) goluna Son Hyn Min (33) jogap berdi. Ýeňiş pökgüsini 90-njy minutda burçdan berlenden soň Roberto Firmino tora girizdi.
Netijede, “Liwerpul” 28 utuk gazanyp, hasabynda 25 utuk bolan “Tottenhemden” öňe geçdi we birinji orny eýeledi.
Toparlar öz aralarynda, şol sanda Çempionlar ligasynyň finalynda jemi 177 gezek duşuşdylar. 85 oýun “Liwerpulyň” ýeňşi bilen, 44-si deňme-deň tamamlandy. “Tottenhemiň” hasabynda 48 ýeňiş bolup, şolaryň 40-syny öz öýünde gazandy. Girizilen gollar boýunça umumy hasap “gyzyllaryň” peýdasyna 278:197 boldy.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......