Federer 2020-nji ýyldaky girdejisi boýunça Ronaldudan we Messiden öňe geçdi

  • 17.12.2020 12:47
  • 4.8k+

Şweýsariýaly meşhur tennisçi Rojer Federer 2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň maý aýyna çenli aralykda iň köp girdeji gazanan meşhurlaryň sanawynda üçünji orny eýeledi. “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisi 106,3 million dollar gazanyp, diňe telekeçi Kaýli Jennerden (590 million dollar) we sazanda Kanýe Uestden (170 million dollar) yzda galdy.

Meşhur futbolçylar portugaliýaly Kriştianu Ronaldu we argentinaly Lionel Messi, degişlilikde, 105 million we 104 million dollar gazanyp, ilkinji bäşlige girdiler.
Braziliýaly futbolçy Neýmar hem-de amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms hem, degişlilikde, 95,5 million we 88,2 million dollar gazanyp, ilkinji onluga girdiler. "Forbes-iň" reýtinginde amerikaly meşhur basketbolçy Stiwen Karri (74,4 million dollar, 16-njy ýer) hem bar.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......