Zidan: "Benzema taryhda iň gowy fransuz hüjümçisi"

  • 16.12.2020 18:52
  • 6.6k+

Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi Zinedin Zidan toparyň hüjümçisi Karim Benzemany taryhda iň gowy fransuz hüjümçisi hasaplaýandygyny aýtdy.

"Hawa, meniň üçin ol iň gowusy. Ol muny görkezip ýör, özi-de eýýäm uzak wagt bäri "Realda" çykyş edýär. Ol 500-den gowrak oýun oýnap, köp gollar geçirdi. Netijede, onuň eden işleri hem özi hakynda aýdyp berýär. Meniň üçin ol iň gowusy. Bu düşnükli zat.
Häzir ol has tejribeli oýunçy. Ol, Ronaldudaky ýaly, arassa 9-lyk däl. Diňe gol hakda pikir etmeýär we şonuň üçinem men oňa ýokary baha berýärin"-diýip, Marca neşiri Zidanyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Benzema "Realyň" bilbaoly "Atletik"-e garşy geçen soňky oýnunda iki gol geçirip, dubl bilen tapawutlandy hem-de toparyna ýeňiş getirdi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......