"SOCAR Trading" 2021-nji ýylda türkmen nebitini satyn alar

  • 15.12.2020 13:48
  • 8.7k+

Azerbaýjanyň “SOCAR Trading” kompaniýasy Türkmenistandan "Eni Türkmenistan" tarapyndan öndürilen nebiti satyn almak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada “Argus Media” habar berýär.

Bäsleşikde beýleki dalaşgärleriň arasynda "Lukoil", "Vitol", "ENOC", "Rosneft", "Trafigura" ýaly iri nebit kompaniýalary hem bardy. Türkmenistanda nebit söwdasy 2017-nji ýyldan bäri dünýäniň iň uly nebit kompaniýalaryndan biri bolan "Vitol" tarapyndan amala aşyrylýardy.
Geçirilen üýtgeşmeler, esasan, Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit ugry boýunça daşalýan çig malyň mukdarynyň artmagyna, şeýle hem Mahaçkala we Noworossiýsk arkaly üpjünçiligiň degişli derejede azalmagyna getirip biler.
2021-nji ýylda "SOCAR Trading"-iň peýdasyna her aýda türkmen nebit iberilişiniň, takmynan, 30-40 müň tonna boljakdygy meýilleşdirilýär. Umuman, Ekerem nebitiniň 2020-nji ýylda 11 aý boýunça eksporty 341 müň tonna ýetdi, munuň özi oňyn ösüş depginini görkezýär. 2019-njy ýylda bu görkeziji 310 müň tonna barabardy.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......