Dortmundyň "Borussiýasy" tälimçi Fawry wezipesinden boşatdy

  • 14.12.2020 22:42
  • 4.7k+

Germaniýanyň "Borussiýa" (Dortmund) futbol klubunyň ýolbaşçy düzümi Lýusen Fawry baş tälimçi wezipesinden boşatdy. Bu barada Bild gazetiniň habaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Bu karar şenbe güni geçirilen Germaniýa çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň oýnunda "Borussiýa" öz meýdançasynda "Ştutgartdan" 1:5 hasabynda ýeňlenden soň kabul edildi. Munuň özi toparyň öz meýdançasynda yzly-yzyna üçünji we şu möwsümde milli çempionatda dördünji ýeňlişi boldy.
Topar 11 oýundan soň 19 utuk bilen hem-de birinji orundaky "Bawariýandan" 5 utuk yza galmak bilen liganyň sanawynda bäşinji orunda durýar. Mundan öň "Borussiýa" Çempionlar ligasynda toparçada birinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy.
Häzirlikçe baş tälimçiniň wezipesini 63 ýaşly şweýsariýaly kömekçi Edin Terziç ýerine ýetirer. Neşiriň habaryna görä, toparyň tälimçisi wezipesine dalaşgärlerleriň hatarynda Ýulius Nagelsman (“Leipsig”) we Marko Roz (“Borussiýa”, Mönhengladbah) bar.
Fawr Dortmundyň "Borussiýasynyň" baş tälimçisi bolup 2,5 ýyl işledi we 2019-njy ýylda Germaniýanyň Super kubogyny aldy. Şweýsariýaly hünärmen bilen häzirki baglaşylan şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli dowam eder. Fawr mundan ozal Şweýsariýanyň "Eşallan", "Iwerdon", "Serwett", "Sýurih", nemes "Gert" we "Borussiýa" (Mönchengladbach), şeýle hem fransuz "Nissa" klublarynda işledi. Ol "Serwett" bilen Şweýsariýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda (2001), "Sýurih" bilen iki gezek Şweýsariýanyň çempionatynda (2006, 2007) we bir gezek milli kubokda (2005) ýeňiş gazandy.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......