Ulanyjylar "Google"-yň işleýşinde näsazlygyň ýüze çykandygyny habar berdiler

  • 12.12.2020 18:48
  • 6k+

Anna güni birnäçe ýurtda "Google"-yň gözleg ulgamynyň işinde näsazlyklar ýüze çykdy. Bu barada meşhur internet çeşmeleriniň işleýşine gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň sahypasynda habar berildi. Muny Trend habar berýär.

Näsazlyklar bilen baglanyşykly närazylyklar, esasan, ABŞ, Meksika, Braziliýa, Ýaponiýa, Daniýa, Belgiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň ulanyjylaryndan gelýär.
Hyzmatyň habaryna görä, "Google"-yň ulanyjylarynyň 57% -i gözleg ulgamynda näsazlyklaryň bardygy hakynda habar berýär, 42% -i bolsa şahsy hasabyna girmekde kynçylyk çekýär.

şu gün 19:37
2.9k+

Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär...

şu gün 14:47
4.1k+

Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär...

şu gün 10:49
8k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

düýn 13:55
11k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...