Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini şanly sene bilen gutlady

  • 12.12.2020 15:30
  • 3.9k+

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene – Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar. Munuň özi bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýär.
Iki döwletiň Baştutanlary şeýle hem ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

şu gün 17:08
1.2k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

şu gün 14:59
2.3k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

şu gün 14:57
397

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 14:47
1.5k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......