«Aşgabat-siti» taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler çaltlandyrylar

  • 11.12.2020 14:30
  • 27k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça 10-njy dekabrda geçiren iş maslahatynda gurluşyk we binagärlik ministrine paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji nobatdakysynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şol maslahatyň barşynda gurluşyk ulgamyndaky we senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna garaldy hem-de bu ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.
Degişli ýolbaşçylar Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini, binalary we desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça köpsanly medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.1k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.9k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....