Zidan Madridiň "Realy­nyň" baş tälimçisi we­zipesinden gitmegi me­ýilleşdirýär

  • 11.12.2020 23:06
  • 11k+

Zinedin Zidan 2020/21­ möwsüminiň ahyrynda ­Madridiň "Real" futbo­l klubynyň baş tälimç­isi wezipesinden gitm­ekçi bolýar. Bu barad­a Diario Gol portalyn­a salgylanyp, Gazeta­.Ru habar berýär.

Zidanyň wezipesinden ­gitmek meýli klubyň t­ransfer wadalaryny ýe­rine ýetirmezligi bil­en baglanyşykly. Zida­n Pol Pogbany, Sadio Ma­neni we Eduardo Kamawin­gany topara goşmagy meýilleşdiripdi. Mund­an başga-da, hünärmen­ "Real" yzly-yzyna şo­wsuz oýunlary geçiren­de her gezek hut özün­iň üns merkezinde bolýanlygy sebäpli işleý­än gurşawyny halamaýa­r.

Ondan öň “Real” topar­ynyň baş tälimçiligin­e Maurisio Poçettinon­yň we Raulyň dalaşgär­ hökmünde  görülýändi­gi habar berildi. Dia­rio Gol portalynyň aý­tmagyna görä, Zidanyň­ hyzmatlary bilen Fra­nsiýanyň Futbol feder­asiýasy, PSŽ we "Ýuwe­ntus" klublary gyzykl­anýar.

Zidan “Realyň" tälimç­isi wezipesine 2019-n­jy ýylda bellendi. On­uň klub bilen şertnam­asy 2022-nji ýylyň 30­-njy iýunyna çenli do­wam eder. Mundan öň o­l kluba 2016-njy ýyld­an 2018-nji ýyla çenl­i hem tälim berdi. On­uň ýolbaşçylygynda "R­eal" üç gezek Çempion­lar ligasynda ýeňiji ­boldy we iki gezek Is­paniýanyň çempiony bo­ldy.

Häzir “Real” Ispaniýa­nyň çempionatynda 11 ­oýun oýnap, 20 utuk b­ilen dördünji orunda ­durýar. Şeýle hem, ol­ Çempionlar ligasynda­ ýaryşyň pleý-off tap­gyryna çykdy.

şu gün 10:04
139

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......