«Merkezi Aziýa+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi

  • 10.12.2020 14:46
  • 8.3k+

9-njy dekabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň, şol sanda Türkmenistanyň, daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde “Merkezi Aziýa+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi.

Onda syýasy-diplomatik ugur boýunça hem-de söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar pandemiýa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýeňil bolmadyk şu döwürde ýurtlar bu meseläni çözmekde raýdaşlyk bildirip, birek-birege ýardam berýärler.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamak we mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny tapmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Taraplar sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallaryň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda halkara terrorçylyga netijeli garşy göreşmek global talaplaryň biri bolup durýar. Bu meseläniň çäklerinde, aýratyn hem, Owganystanda ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine we bu ýurtda parahatçylyk döredijilikli işlere üns berildi.

şu gün 08:02
3k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

düýn 21:15
1k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....

17.05.2026 15:44
8.3k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.8k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......