«PSŽ» «Başakşehiri» ýeňip, ÇL-iň pleý-off tapgyryna çykdy

  • 10.12.2020 13:03
  • 4.4k+

«PSŽ» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky aýlawynda türkleriň «Başakşehirini» 5-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk aslynda sişenbe güni bolmalydy, ýöne ol jynsparazlyk dawasy sebäpli çarşenbe gününe yza süýşürildi.

Oýunda Neýmar 3 gol geçirip (21-nji, 38-nji we 50-nji minut) het-trik bilen, Kilian Mbappe bolsa iki gol geçirip (42 - penaltiden; 62) dubl bilen tapawutlandy. Türkleriň ýeke-täk goluny Mehmet Topal tora girizdi (57).
«PSŽ» - «Başakşehir» duşuşygynyň eminleri özleriniň jyns taýdan hukuk kemsitmelerine sezewar edilendigini aýtdylar. Sişenbe güni «Başakşehiriň» futbolçylary oýny dowam etdirmekden ýüz öwürdiler. Soňra oýun üçin eminleriň täze topary bellenildi.
21 ýaşly Mbappe Çempionlar ligasynyň taryhynda ýaryşda 20 gol geçiren iň ýaş oýunçy boldy.
«PSŽ» 12 utuk bilen «H» toparçada tapgyry birinji bolup tamamlap, Çempionlar ligasynyň pleý-offyna çykdy. 1/8 finala toparçada ikinji orunda ýerleşen «Leýpsig» (12 utuk) hem çykdy. «Mançester Ýunaýted» üçünji orny eýeläp (9), Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy. Toparda iň soňky orny «Başakşehir» eýeledi (3).

şu gün 10:04
178

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......