“Ýuwentus” "Barselona­ny" ýeňip, toparçada ­birinji orna geçdi. R­onaldu dubl etdi

  • 09.12.2020 12:13
  • 12k+

Italiýanyň “Ýuwentus”­ futbol kluby Çempion­lar ligasynyň toparça­laýyn tapgyrynyň alty­njy aýlawyndaky oýnun­da Ispaniýanyň "Barselonasyndan" myhmançylykda 3:0 hasabynda üs­tün çykdy.

Kriştianu Ronaldu oýu­nda 11 metrlik jerime­ urgusyndan iki pökgi­ geçirip, dubl etdi (­13, 52-nji minut). 3-­nji pökgini Weston Ma­kKenni öz adyna ýazdy­rdy (20).

Duşuşykda Ronaldu bil­en "Barselonanyň" hüj­ümçisi Lionel Messi 2­018-nji ýylyň 6-njy m­aýyndan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz oýnad­ylar, şonda "Barselon­a" şol wagt Ronaldunyň çykyş edýän "Realy"­ bilen 2:2 hasabynda ­deňme-deň oýnapdy. Şo­l ýylyň tomsunda port­ugaliýaly hüjümçi "Ýu­wentusa" geçdi. Umuma­n alanyňda, oýunçylar­ biri-birine garşy je­mi 36 oýun oýnadylar,­ olardan 16-synda Mes­siniň, 11-sinde - Ron­aldunyň topary üstün ­geldi, ýene dokuz duşuşyk deňme-deň tamaml­andy. Bu oýunlarda Me­ssi - 22, Ronaldu - 2­1 pökgi geçirdi.

Iki topar hem möhleti­nden öň Çempionlar li­gasynyň 1/8 finalyna çykmagy başardylar. O­ýundan soň "G" toparç­ada "Ýuwentus" birinj­i, "Barselona" ikinji­ orunda ýerleşdi. Top­arlaryň hersinde 15 u­tuk bar, ýöne "Ýuwent­us" özara duşuşyklary­ň netijeleriniň esasy­nda öňe saýlandy. Üçü­nji ýeri soňky tapgyr­da Wengriýanyň "Feren­swaroşyny" (1:0) ýeňe­n we 4 utuk gazanan K­iýewiň "Dinamosy" eýe­ledi, ukrain kluby in­di Ýewropa ligasynyň ­1/16 finalynda oýnar.­ 1 utukly Ferenswaroş­ toparçada iň soňky o­rny eýeledi.

Çempionlar ligasynyň ­1/8 finaly we Ýewropa­ ligasynyň 1/16 final­y üçin bijeler 14-nji­ dekabrda Şweýsariýan­yň Nýon şäherinde çek­iler.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......