«Zenit» ýewrokubok kampaniýasyny ýeke ýeňişsiz tamamlady

  • 09.12.2020 08:15
  • 3.9k+

Çempionlar ligasynyň F toparynda Sankt-Peterburgyň “Zenit” futbol kluby Dortmundyň “Borussiýasyndan” 1-2 hasabynda ýeňildi. Rus toparynyň düzüminden Sebastýan Driussi (16) gol girizdi. Myhmanlardan Lukaş Pişek (68) we Aksel Witsel (79) tapawutlandy.

Beýleki bir oýunda Italiýanyň “Lasio” futbol kluby öýünde Belgiýanyň “Brýugge” topary bilen deňme-deň oýnady. Oýun 2-2 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň düzüminden Hoakin Korrea (12) we Çiro Immobile (27, jer.ur), myhmanlardan Rud Wormer (15) we Hans Wanaken (76) gol girizdi.
“Borussiýa” 13 utuk bilen toparda birinji orny eýeledi. Ikinji orunda “Lasio” ýerleşdi, onuň hasabynda 10 utuk bar. Üçünji orny 8 utuk bilen çykyşyny Ýewropa ligasynda dowam etdirjek Belgiýanyň “Brýugge” topary eýeledi. “Zenit” bir utuk gazanyp, iň soňky boldy.
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň hem-de Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň bije atyşlygy 14-nji dekabrda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

şu gün 10:04
178

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......