«Krasnodar» «Çelsi» bilen deňme-deň oýnap, Ýewropa ligasyna petek gazandy

  • 09.12.2020 08:08
  • 3.6k+

Çempionlar ligasynyň toparlarynyň soňky tapgyr duşuşygynda E toparda “Krasnodaryň” oýunçylary Londonyň “Çelsi” kluby bilen deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk 1-1 hasabynda tamamlandy. Londonlylar Remi Kabellanyň goluna (24) jerime meýdançasyndan Žoržinonyň (28) takyk urgusy bilen jogap berdiler.

Ispaniýanyň “Sewilýa” futbol kluby ugurdaş topar duşuşygynda fransuzlaryň “Rennini” 3-1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminden Žýul Kunde (32) we Ýussef En-Nesiri (45+2, 81) gol girizdi. “Renn” toparynda Georginio Ratter (86, jer.ur) tapawutlandy.
“Çelsi” (14 utuk) we “Sewilýa” (13) degişlilikde birinji we ikinji orny eýelediler hem-de Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdylar. “Krasnodar” bäş utuk gazandy we toparda üçünji orny eýeläp, Ýewropa ligasynyň pleý-off oýunlaryna petek aldy. “Renn” bir utuk bilen kwartetde iň soňky bolup, ýewropa ýaryşlarynda çykyşyny tamamlady.
Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň hem-de Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň bije atyşlygy 14-nji dekabrda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......