Pfizer bilen BioNTech-iň sanjymynyň synaglarynda alty meýletinçi aradan çykdy

  • 09.12.2020 05:56
  • 9.9k+

Pfizer bilen BioNTech-iň sanjymynyň synaglarynyň dowamynda alty meýletinçi aradan çykdy diýip, ABŞ-nyň Iýmit önümleriniň we dermanlaryň hiline gözegçilik edarasyna (FDA) salgylanmak bilen “The Wall Street Journal” neşiri ýazýar. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Hasabat döwründe alty ölüm ýagdaýy boldy (sanjym edilen toparda iki, plasebo toparynda dört adam)” – diýlip, FDA ýygnagyna taýýarlanylan resminamada aýdylýar.

Aterosklerozdan we semizlikden ejir çekýän, sanjym alan bir adam derman serişdesiniň ilkinji dozasyny alanyndan üç gün soň aradan çykdy. Synaglara gatnaşýan beýleki biriniň ikinji dozadan 60 gün soň ýüregi saklandy we üç günden soň ýogaldy.
Plasebo alan adamlar toparynda iki adam infarktdan we insultdan ýogaldy. Galan iki adamyň ölüminiň sebäbi heniz kesgitlenilmedi. Ähli toparlarda ýogalanlaryň ýarysy 55 ýaşdan ýokary adamlardy.
Pfizer we BioNTech kompaniýalarynyň sanjymyny tassyklamak meselesi boýunça ýygnak 10-njy dekabra meýilleşdirilen. ABŞ-nyň häkimiýetleri köpçülikleýin sanjym kampaniýasyny aýyň 11-ne başlamagy göz öňünde tutýarlar.

06.04.2026 14:33
9.6k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
14k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.2k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......