DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi

  • 08.12.2020 17:04
  • 8.8k+

2022-nji ýylda geçiriljek geçiriljek Dünýä çempionatynyň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi. Häzirki dünýä çempiony fransuzlar öz toparçasynda Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, şeýle hem Gazagystan bilen oýnar.

Bije çekilişigiň doly netijeleri şeýle:
A toparça: Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan.
B toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa.
C toparça: Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa.
D toparça: Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan.
E toparça: Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa.
F toparça : Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa.
G toparça: Gollandiýa, Türkiýe, Norwegiýa, Çernogoriýa, Latwiýa, Gibraltar.
H toparça: Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta.
I toparça: Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino.
J toparça: Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn.

Toparçalaryň ýeňijileri 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna gönüden-göni gatnaşarlar, ikinji orny eýelän toparlar indiki saýlama tapgyryna çykarlar.
2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýunlary 21-nji noýabrdan 8-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriler.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......