«Eni» kompaniýasy Türkmenistanda nebit gorlary we sarp edilişi barada umumy maglumat berdi

  • 08.12.2020 13:03
  • 7.1k+

Italiýanyň «Eni» nebit-gaz kompaniýasy tarapyndan çap edilen «World Oil Review 2020» atly Bütindünýä nebit synyna laýyklykda, 2010-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebit gorlary 600 million barrele çenli durnuklylygyna galdy. Bu barada Trend agentligi habar berýär.

Türkmenistanda gündelik nebit önümçiligi 2015-nji ýylda  268 müň barrele, 2016-njy ýylda 247 müň barrele, 2017-nji ýylda 232 müň barrele, 2018-nji ýylda 219 müň barrele, 2019-njy ýylda 223 müň barrele barabar boldy.
Şeýle hem synda ýurdumyzyň içinde nebit sarp edilişiniň ösüşi barada maglumat berilýär. Maglumata görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda nebit sarp edilişi bir günde 151 müň barrele, 2016-njy ýylda 149 müň barrele, 2017-nji ýylda 150 müň barrele, 2018-nji ýylda 157 müň barrele, 2019-njy ýylda 165 müň barrele barabar boldy.
Syna görä, hapalaýjy zyňyndylaryň mukdaryny dolandyrmagyň häzirki zaman usullary, esasy nebit we gaz geçirijilerindäki syzmalary we boşluklary ýüze çykarmaklyk üçin awtomatiki ulgamlar, nebit ýataklarynda baglanyşykly gazlary netijeli peýdalanmaklyk we gaz paýlaýyş torlarynda önümçilik galyndylary Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynda görülýän çäreler toplumyna girýär.

 

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......