«Türkmenhowaýollary» petekleri onlaýn almak üçin programma çykarar

  • 07.12.2020 18:46
  • 25k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi petekleri onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýän ykjam programmasyny taýýarlamak işini tamamlaýjy tapgyrda barýar. Ýakyn wagtda ol ulanyjylara hödürleniler.

Täze programmanyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde geçirildi, diýip Turkmenportal agentligi habar berýär.
Onlaýn petek satyn almak programmasy birnäçe bölümden ybarat bolar. Müşderi esasy sahypada isleýän uçuş ugruny saýlap, ol barada jikme-jik maglumatlary görüp biler.
Täze programmadaky «Maglumat» bölüminde ýygy-ýygydan berilýän sowallaryň jogaby ýerleşdirilýär. «Habarlar» bölüminde bolsa Türkmenistanyň raýat awiasiýasy bilen baglanyşykly täzelikler berler. «Beýlekiler» bölüminde müşderi petekleri satyn alyş taryhy bilen tanşyp, islese, agentligiň wekilleri bilen aragatnaşyga geçip biler.
Täze programmada içerki uçuşlar bilen bir hatarda halkara uçuşlar bilen bagly maglumatlar hem ýerleşdiriler. Programma petek üçin tölegleri nagt däl görnüşinde geçirmäge mümkinçilik berýär.
Mobil programma «Appstore» we «Play Market» programma dükanlarynda mugt elýeterli bolar.

21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....