Aşgabatda "Sanly çözgüt - 2020" bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • 06.12.2020 22:56
  • 10k+

Aşgabatda geçirilýän köpugurly serginiň çäginde “Sanly çözgüt - 2020” innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň jemleri  jemlenildi.

Innowasiýa taslamalarynyň bäsleşigi «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda guraldy we ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrma proseslerini höweslendirmäge gönükdirildi.
Taslamalar 7 ugur boýunça hödürlendi: saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar pudagy, kiçi we orta telekeçilik, “akylly” şäher. Ugurlaryň hersi boýunça birnäçe baýrakly orunlar kesgitlenildi. Garaşylyşy ýaly, “Sanly çözgüt - 2020” bäsleşigi ýaşlaryň arasynda geljegi uly täzeçillikleri kesgitlemäge kömek etdi.
Şeýlelik bilen, öz kategoriýasynda baýrak Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary - Dädebaý Gurbanow we Myrat Sähedow tarapyndan işlenip düzülen QR kody ulanyp, onlaýn töleg geçirmek üçin niýetlenen mobil programmanyň taslamasyna berildi. Zehinli ýigitleriň taslama menejeri hökmünde institutyň mugallymy Ata Jumakulyýew çykyş etdi. Taslama satyn alyşlar, kommunal hyzmatlar üçin tölegleri we QR kody ulanmak arkaly bir hasapdan beýleki hasaba pul geçirmek mümkinçiliklerini hödürleýär.
"Sanly çözgüt - 2020" bäsleşigine iň ýaş gatnaşyjy - paýtagtyň mekdepleriniň biriniň sekizinji synp okuwçysy Agageldi Artykow boldy, ol awtoulagyň belgisini anyklandan soň ulagjaýyň derwezesini uzakdan açmak we ýapmak üçin niýetlenen programmany işläp düzdi.
Özüne çekiji taslamalaryň ýene-de biri - emeli intellektiň kömegi bilen işleýän «Speech to text» sesli ýazmak programmasy. Ony bäsleşikde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Jasurbek Aşyrbaýew tanyşdyrdy.

şu gün 15:34
75

Huawei-niň «Pura X2» eplenýän smartfony şu aý satlyga çykarylar

Huawei kompaniýasynyň Pura X2 täze  eplenýän smartfony eýýäm şu aýda satuwa çykarylyp bilner. Bu barada «Digital Chat Station» lakamly belli insaýder habar berdi....

düýn 22:12
3.1k+

Ilkinji gezek iki sany 200 megapiksel kameraly smartfon satlyga çykdy

Hytaýda smartfon dünýäsinde uly seslenme döreden Vivo X300 Ultra satuwa çykaryldy. Bu enjam taryhda ilkinji gezek iki sany 200 megapikselli kamera bilen enjamlaşdyrylan smartfondyr....

02.04.2026 16:05
1.6k+

Google Android-de nätanyş programmalaryň gurnalyşyny 24 sagada çenli gijikdirer

Google kompaniýasy Android ulgamynda programmalary gurnamagyň düzgünlerini üýtgeder. Awgust aýyndan başlap, barlanmadyk işläp düzüjileriň APK-faýllaryny gurnamaklyk goşmaça barlagy we 24 sagada çenli garaşmagy......

01.04.2026 17:22
3.6k+

ABŞ-da Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan uly sergi açyldy

ABŞ-da 1-nji aprelde Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli guralan sergi açyldy. Sergi Jorjiýa ştatynyň Rozwell şäherindäki «Mimms Museum of Technology and Art» muzeýinde ýerleşdirildi....