Habib Nurmagomedow «Ýylyň daşary ýurtly sportçusy» baýragyna dalaşgär görkezildi

  • 06.12.2020 08:24
  • 15k+

UFC-niň ýeňil agramda çempionlyk guşagynyň eýesi Habib Nurmagomedow BBC-niň "Ýylyň daşary ýurtly sportçusy" baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berildi.

Baýraga, Habibden başga-da, NBA-nyň iň gymmat oýunçysy diýlip ykrar edilen basketbolçy Lebron Jeýms, PGA-nyň reýtinginde birinji ýeri eýeleýän amerikaly golfçy Dastin Jonson, fewral aýynda iki gezek dünýä rekordyny täzelän şwesiýaly böküji Arman Dýuplantis, "Lion" zenanlar klubunyň kapitany we topar bilen ýedinji gezek aýallaryň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan fransuz futbolçysy Wendi Renard, şeýle hem ýeňil agramda dört sany dünýä çempiony diýen titulyny iki gezek goran irlandiýaly boksçy Keýti Teýlor dalaşgärlik edýär.
Ses bermek 15-nji dekabra çenli dowam eder we baýraklar 20-nji dekabrda BBC Sports Personality şüweleňinde göni ýaýlymda gowşurylar.
BBC-niň "Ýylyň daşary ýurtly sportçysy" baýragy 1960-njy ýyldan bäri ýylyň sporta iň köp goşant goşan iňlis däl türgenlerine her ýyl gowşurylyp gelinýär. 2019-njy ýylda baýraga Keniýaly ylgawçy Eliud Kipçog mynasyp boldy.

şu gün 10:04
178

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......