«Napoli» stadionynyň ady Diego Maradonanyň hormatyna üýtgedildi

  • 06.12.2020 06:58
  • 8.1k+

“Napoliniň” oýunlarynyň geçýän “San-Paolo” stadiony meşhur futbolçy Diego Maradonanyň hatyrasyna resmi taýdan atlandyryldy. Meýdançanyň adyny üýtgetmek baradaky karara Neapolyň şäher geňeşiniň ähli agzalary gol çekdi. Şeýle karar beýik türgeniň hatyrasyna hormat goýmak we onuň adyny ebedileşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada nation-news.ru habar berýär.

“San-Paolo” stadiony 1959-njy ýylda guruldy. Meýdança apostol Paweliň adyny göterýärdi.
Maradona 1984-nji ýyldan 1991-nji ýyla çenli “Napolide” oýnady. Onuň düzüminde ol ýurduň iki gezek çempiony (1986/1987, 1989/1990), Italiýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi, UEFA-nyň Kubogynyň eýesi (1988/1989) boldy.
Argentinaly hüjümçi we tälimçi Diego Maradona 25-nji noýabrda 60 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýüregi saklandy. Maradonanyň ölümi tutuş sport dünýäsi üçin zarba boldy.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......