2021-nji ýylda Klublaýyn dünýä çempionaty Ýaponiýa geçiriler

  • 06.12.2020 05:40
  • 3.8k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2021-nji ýyldaky klublaýyn dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerini we senesini kesgitledi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

"Biz klublaýyn dünýä çempionatyny häzirki görnüşinde 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýada geçirmegi makul bildik. Bu ýurduň ýaryşy gurnamakda baý taryhy bar” – diýip, Infantino aýtdy.

Ozal turnir 2021-nji ýylyň tomsunda Hytaýda täze görnüşde geçiriler diýlip meýilleşdirilýärdi. Gatnaşyjylaryň sanynyň 24 kluba çenli artdyrylmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde turnir her dört ýyldan bir gezek geçirilmeli we Konfederasiýa Kubogynyň ornuny tutmaly.
Belläp geçsek, turniriň häzirki görnüşi alty konfederasiýanyň her birinden iň güýçli klublaryň we kabul edýän ýurduň çempionynyň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar.
Noýabr aýynyň ortalarynda Halkara futbol federasiýasy Katarda klublaýyn dünýä çempionatynyň 2021-nji ýylyň 1-11-nji fewralynda geçiriljekdigini habar berdi. Turnir koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Ýaryşlar 2020-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriler diýlip meýilleşdirilipdi.

şu gün 10:04
178

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......