Hokkeýde 21-nji asyryň iň gowy goly saýlandy

  • 04.12.2020 09:56
  • 6.5k+

«Waşington» klubynyň russiýaly hüjümçisi Aleksandr Oweçkiniň «Finiksa» garşy geçiren şaýbasy NHL-de janköýerleriň garaýşy boýunça 21-nji asyryň iň gowy goly hökmünde saýlandy. 

Sportsnet neşiriniň bilermenleri 2000-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçirilen 140 müň şaýbanyň içinden saýlaw etdiler. 32 sany finalçy ýüze çykaryldy.
Şolaryň içinden ýeňijini sosial torlarda ses bermek arkaly hokkeý janköýerleri saýladylar.
2006-njy ýylda russiýaly hokkeýçiniň geçiren şaýbasy ses berlişigiň netijeleri boýunça 55,1% ses gazandy we «Kolambusyň» öňki hüjümçisi Rik Neşiň «Koýotsyň» derwezesine geçiren şaýbasyndan öňe geçdi.

düýn 23:39
1k+

Futbola düşünip bilmeýärler: iň kämil EA modelleri hem APL-de pul goýup, tüwmaýak galdylar

Google, OpenAI, Anthropic we xAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň döreden emeli aň modelleri Iňlis Premýer-ligasynyň oýunlaryna wirtual pul goýup, uly zyýan çekdiler. Financial Times neşiriniň habar bermegine......

düýn 16:36
1k+

Sinner Monte-Karlodaky ýaryşda Alkarasy utup, ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orny eýeledi. Täzelenen sanaw duşenbe güni guramanyň saýtynda çap edildi....

13.04.2026 15:30
4.4k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

12.04.2026 21:12
3.6k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......