Messi Maradonanyň hatyrasyna eden hereketi üçin jezalandyryldy

  • 04.12.2020 14:37
  • 33k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň ýygyndy toparynyň ozalky oýunçysy Diego Maradonanyň hatyrasyna eden hereketi üçin jezalandyryldy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň ýaryşlary geçirmek boýunça komiteti Düzgün-nyzam kodeksiniň 91-nji maddasyny bozandygy üçin Messä 600 ýewro, kataloniýalylara bolsa 350 ýewro möçberinde jerime saldy.
Ýagny, gol girizenden soň, Messi klub futbolkasyny çykardy, onuň aşagynda “Nýuells Old Boýz” klubynyň arkasynda 10-lyk belgisi bolan formasy bardy. Messi bilen Maradonanyň ikisi-de bu klubda oýnady, şonuň üçin hüjümçi watandaşynyň hatyrasyna hormat goýmak isledi. Duşuşygyň emini Mateu Laos Messä düzgüni bozandygy üçin sary duýduryş görkezdi.
Klub jeza barada şikaýat etmegi meýilleşdirýär. Messiniň hereketleri Ispaniýanyň çempionatynyň düzgünlerini bozdy. Düzgünler maksatlara garamazdan, islendik ýazgylary, suratlary ýa-da şygarlary görkezmegi gadagan edýär.
Ýatlap geçsek, Maradona 25-nji noýabrda 60 ýaşynda aradan çykdy. Ölümiň sebäbi ýürek ýetmezçiligi sebäpli dörän ýiti öýken çişi boldy.

şu gün 10:04
160

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
1.8k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......