Nurmagomedow 100 mln dollara karýerasyny dikeltmek barada pikirlenip biler

  • 03.12.2020 15:47
  • 21k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) guşagynyň eýesi Habib Nurmagomedow 100 mln dollara karýerasyny täzeden dikeltmek barada pikir edip biler. Bu barada Nurmagomedow metbugat maslahatynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Söweşiji 24-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen turnirde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandan soň, sport karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

“Men heniz Uaýt bilen duşuşmadym. Haçan-da biziň söweşijilerimiz, ýagny Tagir (Ulanbekow) bilen Umar (Nurmagomedow) söweşende, turnirden öň ýa-da soň onuň bilen görüşeris we gürleşeris. Ara alyp maslahatlaşmak we pikirlenmek üçin tema köp” – diýip, Nurmagomedow Uaýtyň karýerasyny dowam etdirmegi haýyş edendigi ýa-da ýokdugy bilen bagly berlen soraga jogap berdi.

“Eger karýerany tamamlamak kararyna geldiňmi, diýmek tamamlamaly. Ýöne Dana pul hödürläp biler” – diýip, ol UFC-niň ýolbaşçysynyň näme bilen gyzyklandyryp biljekdigi baradaky soraga jogap berdi.

Siziň pikiriňizçe, ol maňa kimi hödürlär. Men ikisini hem “bogdum” (irlandiýaly Konor Makgregory we amerikaly Dastin Porýeni). Olaryň ikisi hem çempiondy, ikisi-de boýun egdi. Olar meni gyzyklandyrmaýar. Pul bolsa... Eger-de, aýdaly, bu 100 mln dollar bolsa, onda karara gelmekde mesele döräp biler. Onuň näme teklip etjekdigini görmeli. Ýöne ýene bir gezek gaýtalaýaryn, bu ýerde sport tarapdan gyzyklanma ýok."

Mundan ozal Nurmagomedow bilen Uaýtyň duşuşyk geçirjekdigi habar berildi. UFC-niň prezidenti munuň Abu-Dabide geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

şu gün 12:33
319

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

şu gün 12:21
213

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....