Ahal welaýatynda neşe serişdelerini ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplum açyldy

  • 03.12.2020 15:09
  • 27k+

Aşgabat şäherinden 100 kilometre golaý demirgazykda bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen toplum açyldy. Toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa täze toplumyň açylyşyna görlen taýýarlyk işleri hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakmak üçin taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.
Täze toplumda ýapyk we açyk görnüşli peçleriň 3-si bar. Bu ýerde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň has netijelidigini we adamlaryň saglygy hem-de ekologiýa üçin howpsuzdygyny bellemek gerek.
Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň birnäçe toplumyny halkara kadalara laýyklykda gurlan hem-de olaryň doly ýok edilmegini kepillendirýän pejiň alawlap duran odunyň içine atdy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, neşe önümlerini we psihotrop serişdeleri ýakmak çäresine gatnaşdylar.
Milli Liderimiz täze toplumda türkmençilige gelişmeýän ýowuz bela bolan neşe serişdeleriniň 122,5 kilogramdan gowragynyň ýakylyp, ýok edilendigini nygtady.
Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi her ýyl Neşe serişdeleriniň ulanylyşyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni bolan 26-njy iýunda geçirilýär. Şu ýyl bolsa bu çäre täze toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli geçirildi.

şu gün 11:13
475

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

şu gün 10:55
444

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 08:53
985

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....