BSGG örtük dakynmak bilen bagly maslahatlaryny täzeledi

  • 03.12.2020 07:05
  • 26k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) wekili Margaret Harris diňe binalardyr jaýlaryň içinde däl, eýsem, açyk giňişlikde hem örtügi dakynmaga çagyrýar. Bu barada Reuters agentligine salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

BSGG-niň täze görkezmelerinde azyndan bir metr howpsuz araçägi saklamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda örtügi daşarda hem dakynmalydygy bellenilýär. Eger-de jaýyň içindäki howanyň çalşygy ýeterlik derejede bolmasa, gorag serişdeleri möhümdir. Guramanyň hünärmenleri howa çalşygy kadaly bolanda, ýöne beýleki adamdan araçägi saklap bolmadyk ýagdaýynda örtügi ulanmagy maslahat berýärler.
Respiratorlarda klapanly önümleri çykarylýan howany süzmeýändigi üçin ulanmak maslahat berilmeýär. Iň gowusy howa geçirýän matalardan tikilen üç gatly örtükleri dakynmaly.
BSGG plastikadan bolan gorag ýüz ekranlaryny hem ulanmazlygy maslahat berýär, sebäbi olar diňe gözüň goragyny üpjün edýärler, ýöne üsgülewükde ýa-da asgyrmada syçrantgydan welin goramaýarlar. Şeýle-de bolsa, gurama hiç zat dakynmandan ekrany dakynmagyň ygtybarlydygyny belleýär. Örtügi diňe sport bilen meşgullananyňda dakynmazlyk howpsuz bolup biler.
Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýäni gurşap aldy. Häzire çenli 63 milliondan gowrak adam keselledi, olardan bir ýarym million töweregi adam ýogaldy. Kesel ýagdaýy ABŞ-da, Hindistanda we Braziliýada has köp bellige alynýar.

düýn 16:38
3k+

Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter»......

düýn 10:49
2.1k+

Alymlar: stress dermatitli adamda ekzemanyň alamatlaryny güýçlendirýär

Alymlar stressiň deridäki çişme proseslerini işjeňleşdirmek arkaly ekzemanyň alamatlaryny nähili güýçlendirýändigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi....

30.03.2026 16:56
4.5k+

Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi....

28.03.2026 15:46
3.7k+

Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda......