Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 02.12.2020 13:40
  • 7.6k+

1-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berildi.
Şeýle hem türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada bellenildi.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutany degişli hasabatlary diňläp, nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......