Alymlar Merkezi Aziýada howanyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny aýtdylar

  • 02.12.2020 13:23
  • 19k+

Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan klimatologlar Merkezi Aziýada howanyň aşa gyzmagynyň soňky 20 ýylda hasam güýçlenendigini aýtdylar. Olaryň bellemegine görä, sebitde howanyň ýagdaýy eýýäm gaýtaryp bolmajak derejä ýetdi we ekoulgamda weýrançylykly üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu haýwanlaryň käbir görnüşleriniň ýok bolmagyna getirip biler. Halkara derejeli hünärmenler toparynyň bu babatda geçiren gözlegleriniň netijesi “Science” žurnalynda çap edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Barlagçylar howanyň adam işjeňligi sebäpli üýtgeýändigini bellediler. Netijede, Aziýanyň merkezi sebitiniň ekologik ulgamyna-da şu täsir edýär. Alymlaryň pikiriçe, munuň agyr netijelere getirmegi hem mümkin.
Alymlar soňky 260 ýylda hwoýa agajynyň ýaş halkalarynyň maglumatlaryny seljermek bilen, ýylylyk tolkunlaryny yzarlamagy, topragyň çyglylygy barada maglumat almagy başardylar. Netijede, soňky ýyllarda ýylylyk tolkunlarynyň has giň ýaýrandygyny anykladylar.
Gözleg işiniň awtordaşlaryndan biri Delian Çen "Eurekalert" neşirine ýylylyk tolkunlarynyň toprakda suwuň ep-esli ýitmegine sebäp bolýandygyny aýtdy. Çygly toprakdaky buglar howany sowadýar, ýöne çyglylyk ýok bolsa, ýylylyk howa geçýär.
Alymlar Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň dünýäniň klimaty bilen baglanyşykly beýleki atmosfera hadysalaryna getirip biljekdigini duýdurýarlar.

şu gün 10:00
496

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2.4k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.6k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......