Türkmenistan syýahatçylygy dikeltmäge bagyşlanylan Halkara maslahatyna gatnaşmagy meýilleşdirýär

  • 01.12.2020 23:50
  • 9.3k+

Wideoaragatnaşyk görnüşinde Medeniýet ministrliginiň wekilleri Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň wekilleri bilen syýahatçylyk pudagyny täzeden dikeltmäge bagyşlanylan Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar milli ykdysadyýetleri dikeltmek hem-de dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä derejesindäki syýahatçylygyň eýeleýän ägirt uly ornuny nazara alyp, pandemiýadan soňky döwürde bu ulgamy ösdürmegiň zerurdygyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen öňde boljak forumyň örän möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Taraplar syýahatçylygyň örän uly durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetini belläp, koronawirus pandemiýasy tamamlanandan hem-de döwletara serhetleri açylandan soň ýokary girdejili bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek we mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

 

10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.4k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....