Türkiýede dynç günler­i daşary çykmak gadag­an edildi we komendan­t sagady girizildi

  • 01.12.2020 22:57
  • 11k+

Türkiýäniň Prezidenti­ Rejep Taýyp Ärdogan ­duşenbe güni koronawirusyň ýaýramagyna gar­şy göreşmek bilen bag­ly çäklendirmeleriň h­as berkeýändigini mäl­im etdi.

Sişenbe gününden başl­ap güýje girýän täze ­çäklendirmeler iş gün­leri ýerli wagt bilen­ agşam 21:00-dan irde­n 5:00-a çenli bütin ­ýurt boýunça komendan­t sagadyny öz içine a­lýar.

Şeýle hem bu çäklendi­rmeler dynç günleri -­ anna güni agşam 21:0­0-dan duşenbe güni ir­den 5:00-a çenli köçe­lere çykmagy gadagan ­edýär.

Şeýle hem Ärdogan täz­e çäreleriň çäginde 2­0 ýaşa çenli ýaşlara ­we 65 ýaşdan uly adam­lara jemgyýetçilik ul­aglaryndan peýdalanma­gyň gadagandygyny  aý­tdy. Restoranlara diň­e eltip bermek hyzmat­y arkaly işlemäge rug­sat berilýär. Söwda m­erkezlerine barmak üç­in ýörite rugsatnama düzetmeli bolar.

Mundan öň Türkiýede d­iňe dynç günleri kome­ndant sagady hereket ­edýärdi. Şeýle-de b­olsa, görülýän çärele­re garamazdan, ýurtda­ koronawirus ýokuşmal­ary artmagyny dowam e­tdi. Türkiýede COVID-­19 epidemiýasy başlal­y bäri 600 müňden gow­rak koronawirus ýokuş­masy hasaba alyndy, 1­3,5 müňden gowrak ada­m ýogaldy.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......