“Barselonanyň” ozalky tälimçisi Setýen kluby kazyýete berdi

  • 01.12.2020 15:00
  • 10k+

“Barselonanyň” ozalky baş tälimçisi Enrike Setýen ýolbaşçylygy şertnama borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplap, kluby kazyýete berdi. Bu barada “AS” neşirine salgylanmak bilen TASS habar berýär.

Hünärmen şertnamanyň möhletinden öň ýatyrylandygy üçin 4 mln ýewro möçberinde töleg talap etmek isleýär. 62 ýaşly tälimçiniň katalon toparyndan awgust aýynda gidendigini, ýöne 17-nji sentýabrda resmi taýdan işden çykarylandygyny bellemek gerek.
Ýatlap geçsek, Setýen baş tälimçi wezipesinde Ernesto Walwerdeniň ornuny çalşyryp, şu ýylyň ýanwar aýynda ispan “Barselonasyna” ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi, Çempionlar ligasynda “gök-gyzyllar” dörtden bir finala çykdylar, şonda 2-8 hasabynda Mýunheniň “Bawariýasyndan” ýeňildiler.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......