GFR-den gelen lukmanlara Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň hormatly professory diýen at berildi

  • 30.11.2020 13:45
  • 10k+

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan ýurdumyza gelen saglygy goraýyş hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň lukmanlaryna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady bermek dabarasy boldy.

Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna we hiliniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşantlary üçin GFR-iň Mýunhen şäheriniň Grosshadern klinikasynyň hirurg-ortopedi Wolkmar Ýanssona, şol klinikanyň hirurg-ortopedi Matthias Pitçmana, lukman-stomatolog, implantolog Gýunter Doma Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy at berildi.
GFR-den iş sapary bilen ýurdumyza gelen lukmanlar Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda, hususan-da, Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde bolup, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Olar şu günleriň dowamynda birnäçe çylşyrymly operasiýalara, dürli geňeşmelere we lukmançylyk maslahatlaryna gatnaşdylar.

düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......