Habib GFC promouşenini 1 million dollara satyn aldy

  • 29.11.2020 11:34
  • 25k+

Ýeňil agramda UFC-niň dünýä çempiony Habib Nurmagomedow Gorilla Fighting Championship (GFC) MMA ligasyna bolan hukugy satyn aldy. Bu barada bookmakers-rank.ru habar berýär.

Öň, Russiýanyň GFC promouşeniniň egindeş eýesi bolan Habib bu gurama hukugy 1 million dollara satyn aldy. Öň, Gorilla Fighting Championship ligasynyň hormatly prezidenti wezipesini Habibiň kakasy Abdulmanap Nurmagomedow eýeleýärdi.
Ähtimal, bu liga Habib Nurmagomedowyň “MMA Global” atly beýik taslamasynyň bir bölegi bolup biler.
Nurmagomedowyň ligany öz hormatyna Eagle Fighting Championship (Eagle – iňlis dilinden terjime edilende “Bürgüt”, bu Habibiň lakamy) diýip atlandyrmak isleýändigi habar berilýär. Söweşler Russiýada, GDA, arap ýurtlarynda, şeýle-de, ähtimal, ABŞ-da geçiriler. Ylalaşyk 2-nji dekabrda resmi taýdan yglan ediler.
GFC howandarlygynda geçirilen soňky turnir Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hatyrasyna geçirilen ýaryş boldy.
Ozal, Habib Nurmagomedow MMA Global täze promouşeniniň döredilendigini habar berdi we hatda täze MMA-brendi üçin pul ýygnamagy haýyş etdi.
Ýatlap geçsek, ýakynda Abu-Dabiniň (BAE) golaýyndaky “Söweş adasynda” Habib amerikaly Jastin Getjini demikdiriji usul bilen ýeňdi we ýeňil agramda çempion titulyny gorady, şondan soň karýerasyny tamamlady.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......