Disney 2021-nji ýylyň mart aýyna çenli 32 müň işgäri işden aýrar

  • 28.11.2020 15:16
  • 13k+

The Walt Disney Company kompaniýasy pandemiýa sebäpli ýüze çykan çökgünligiň esasynda geljek ýylyň mart aýyna çenli 32 müň işgärini işden çykarar. Bu barada “The Wall Street Journal” gazetine salgylanyp, TASS ýetirýär.

Neşir pandemiýadan ozal kompaniýa girdejileriniň üçden bir bölegini getiren, häzir bolsa uly ýitgi çekýän tematiki seýilgähleriň işgärleriniň köpüsiniň azaldyljakdygyny belleýär. Sentýabr aýynda kompaniýanyň ýolbaşçylygy azyndan 28 müň işgäriň işden çykaryljakdygyny habar berdi. Olaryň köpüsi ýarym gün işlediler. “The Wall Street Journal” gazetiniň belleýşi ýaly, kompaniýada işden çykarylýanlaryň sany mart aýyna çenli 32 müňe ýeter.
3-nji oktýabrda tamamlanan maliýe ýylynyň dördünji çärýeginiň jemi boýunça, The Walt Disney Company 14,7 milliard dollar girdejini hasaba aldy. Bu geçen ýylky görkezijilerden 23% pesdir, şonda kompaniýanyň girdejisi 19,1 milliard dollar boldy. Ýyllyk hasabynda kompaniýanyň girdejisi 6% azaldy. Dördünji çärýegiň jemi boýunça kompaniýa 580 million dollar möçberde zyýan çekdi, bir ýyl öň 1,2 milliard dollar girdeji hasaba alyndy.

şu gün 12:01
755

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

düýn 13:03
2.6k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.9k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......