“Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

  • 28.11.2020 12:10
  • 3.2k+

Italiýaly “Roma” Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji aýlawynyň oýnunda rumyniýaly ÇFR-i 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Rumyniýanyň Kluž şäherinde geçirildi.

Duşykda birinji goly 49-njy minutda ÇFR-iň hüjümçisi Gabriel Debelýuks öz derwezesine gönükdirdi. Ikinji pökgini 67-nji minutda "Romanyň" oýunçysy Jordan Wereta geçirdi. Öňki aýlawda “Roma” ÇFR-i 5:0 hasabynda ýeňipdi.
“Roma” dört oýunda 10 utuk toplap, “A” toparçada birinji orunda barýar. Ondan soň şweýsariýaly "Ýang boýz" (7 utuk) , ÇFR (4) we bolgariýaly CSKA (1) gelýär. “Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Toparçalaýyn tapgyryň bu aýlawynda iňlisleriň “Tottenhemi” bolgariýaly “Ludogoretsi” 4: 0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda londonly klubdan Karlos Winisius (16-njy we 34-nji minutlarda), Gari Winks (63) we Lukas (73) geçirdi. “Tottenhem” dört oýunda 9 utuk bilen “J” toparçada ikinji orunda barýar, birinji ýerde belgiýaly "Antwerpen" (9 utuk), ýerleşýär. Olardan soň üçünji ýerde awstriýaly LASK (6) bar. "Ludogorets" toparçalaýyn tapgyryň dört duşuşygynda bal toplap bilmän, Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.
Günüň beýleki oýunlarynyň netijeleri:
AZ (Gollandiýa) - "Real Sosýedad" (Ispaniýa) - 0:0;
“Baýer” (Lewerkuzen, Germaniýa) - “Hapoel” (Ysraýyl) - 4:1;
"Granada" (Ispaniýa) - "Omoniýa" (Kipr) - 2:1;
"Dandolk" (Irlandiýa) - "Rapid" (Awstriýa) - 1:3;
“Napoli” (Italiýa) - “Riýeka” (Horwatiýa) - 2:0;
"Nitsa" (Fransiýa) - "Slawiýa" (Praga, Çehiýa) - 1:3;
PSV (Gollandiýa) - PAOK (Gresiýa) - 3:2;
“Reýnjers” (Şotlandiýa) - “Benfika” (Portugaliýa) - 2:2;
"Standard" (Belgiýa) - "Leh" (Polşa) - 2:1.

şu gün 19:10
359

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 17:32
1.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....