Türkmenistanda käbir metbugat neşirleri birleşdirilip, umumy sany azaldylar

  • 27.11.2020 08:27
  • 15k+

Düýn geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça hödürlenen teklipleri makullap, olary elektron ulgama geçirmek işini çaltlandyrmak boýunça tabşyryklar berdi.

Döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we internet-ulgama geçirmek ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýurtda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň köpüsiniň häzirki wagtda elektron abuna ýazylmak mümkinçilikli elektron görnüşleriniň barlygy sebäpli, olaryň kagyza çap edilmeginiň maksadalaýyklygy hem-de mazmunyň meňzeşligi barada sorag öňe çykdy.
Habarlar agentlikleriniň onlaýn usula geçeli bäri dünýäde gazet satuwy azaldy. Mobil programmalar täzelikleri öz wagtynda yzarlamaga mümkinçilik berýän wagty gazet makalalaryny okamak iriziji görnüp başlady. Mahabat berijiler hem elýeterliligi we tizligi üçin internete has köp üns berýärler we olar hem çap neşirlerinden daşlaşdylar.
ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary köp sanly döwürleýin neşirler üçin bölünip berlen döwlet emlägini tygşytlamak, ugurdaş mazmunlaryna esaslanyp, birnäçe gazet-žurnallary birleşdirmek barada teklipleri taýýarladylar.
Hususan-da, “Türkmen dili” gazetini “Mugallymlar gazeti” gazetine birleşdirip, umumylykda “Mugallymlar gazeti” ady bilen çap etmeklik teklip edilýär. Şeýle hem "Galkynyş" gazeti "Watan" gazetine şol tertipde birleşdiriler. Hünärmenleriň pikiriçe, munuň özi eýýäm 120 tonna kagyzy tygşytlar.
Iki sany žurnalyň — "Diýar" hem-de "Возрождение" žurnallarynyň birleşip, türkmen, iňlis we rus dillerinde "Diýaryň" nyşany astynda çykmagy bilen ýene 3,7 tonna kagyz tygşytlanýar.
Gündelik gazetleriň redaksiýalarynyň işgärlerini azaltmak barada gürrüň ýok, hepdelik ýa-da aýlyk neşirlerde baş redaktoryň orunbasarynyň ýerine uly habarçy wezipesi giriziler we jogapkär kätibiň ygtyýarlyklary giňeldiler.
Ýene bir täzelik: gazet-žurnallaryň tiražynyň azalmagy bilen baglylykda, bahalary birneme ýokarlandyrmak meselesine hem täzeden serediler.
Ýeri gelende bellesek, ORIENT-iň habaryna görä, adaty kagyz gazetlerine we žurnallaryna şahsy abuna ýazylmak diňe pensionerler üçin saklanýar.

şu gün 16:54
2.9k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

şu gün 12:17
2k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

şu gün 12:01
6.6k+

Gimalaýda täze howply ýyrtyjy — möjek bilen itiň gibridi peýda boldy

Alymlar Gimalaýda täze bir ýyrtyjynyň — Gimalaý möjegi bilen sergezdan itiň gibridiniň (gatyşygynyň) peýda bolandygyny habar berdi....

şu gün 07:36
2.7k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....