"Bawariýa" we "Mançester Siti" ÇL-iň pleý-off tapgyryna çykdylar

  • 26.11.2020 18:07
  • 4.5k+

Çarşenbe güni geçirilen oýunlardan soň, "Bawariýa" hem-de "Mançester Siti" möhletinden öň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

"Bawariýa" ýokary derejeli oýun görkezip, "Zalzburgy" 3-1 hasabynda ýeňdi hem-de "A" toparçada birinji ýeri eýeledi.
Toparçanyň beýleki iki topary Madridiň "Atletikosy" bilen Moskwanyň "Lokomotiwiniň" arasyndaky oýunda hasap açylmady. 0:0 hasabynda tamamlanan oýunda rus toparynyň 34 ýaşly derwezebany Gulýerme ýekeje pökgi hem geçirmän, aýratyn tapawutlandy.
Madridiň "Realy" 0:2 hasabynda milanly "Interi" ýeňip, "B" toparçada ikinji ýeri eýeledi. Oýnuň 33-nji minudynda Arturo Widal emin bilen jedelleşendigi üçin ikinji sary duýduryş belgisini alandan soň italýan kluby on adam bilen galdy.
Mönhengladbahly "Borussiýa" "Şahtýory" ýene 4:0 hasabynda ýeňip, toparçada birinji ýeri eýeledi. "Borussiýanyň" oýunçysy Brel Embolo üstaşyr depip, tapgyryň iň owadan pökgüsini tora girizdi.
“C” toparçada “Mançester Siti” “Olimpiakosy” ýeňip, möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Oýnuň ýeke-täk pökgüsini Fil Foden tora girizdi.
Bu toparçadaky beýleki oýunda marselli “Olimpik” "Portodan" 0:2 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, "Olimpik" Çempionlar ligasynyň 13 oýnunda yzly-yzyna utulyp, antirekord goýdy. Andre Willaş-Boaşyň topary ýaryşda henize çenli ýekeje gol hem geçirip bilmedi.
“D” toparçada “Aýaks” indi öňdebaryjy "Liwerpuldan" iki utuk uzakda. Gollandiýaly klub Daniýanyň çempiony “Mitýullandy” 3:1 hasabynda ýeňdi.
Öň ýeňlişsiz barýan “Liwerpul” öz öýünde “Atalantadan” 0:2 hasabynda utuldy. Ýurgen Klopp topary oýna synag düzümi bilen çykardy. Tutuş oýun boýunça “gyzyllar” derwezä tarap ýekeje-de zarba urup bilmediler we möhletinden öň 1/8 finala çykmak mümkinçiligini elden gidirdiler.
Bu toparçalardaky indiki oýunlar 1-nji dekabrda geçiriler.

şu gün 10:04
1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......