Porsche Taycan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 26.11.2020 20:07
  • 25k+

Porsche Taycan 42,171 kilometr üznüksiz driftde saklanmagy başaran dünýäde ilkinji elektromobil boldy, bu rekord Ginnes kitabynyň wekilleri tarapyndan bellige alyndy. Ýöne şeýle Taycan Hytaýdan başga ýerde heniz satylmaýar diýip, mag.auto.ru belläp geçýär.

Rekord Porsche inžiniring merkezinde Hokkenhaýmring ýolunda goýuldy. Elektromobil kompaniýanyň instruktory Dennis Retera tarapyndan dolandyryldy, sürüş üçin esas bolup 200 metrlik aýlaw ýoly hyzmat etdi. Retera ony 210 gezek geçdi, şol bir wagtyň özünde Taycan-yň öňki tekerleri hemişe öwrümiň tersine seredýärdi – muňa synçylar tarapyndan wizual hem-de awtomobiliň dik okuna aýlanyş burçuna baha berýän datçikleriň kömegi bilen berk gözegçilik edildi.
Sürüşiň ortaça tizligi sagatda 46 kilometr bolup, rekord goýmak üçin jemi 55 minut gerek boldy. Elektromobiliň hereketini aňsatlaşdyrmak we tekerleriň wagtyndan öň könelmegine ýol bermezlik üçin ýoluň asfalty suw bilen yzygiderli ýuwuldy.
Rekord goýmaga gatnaşan Porsche Taycan-da diňe bir elektrik hereketlendirijisi bar. Şeýle model üçin elýeterli iň ýokary güýç 476 at güýjüne barabar, mono-hereketlendirijili Taycan-yň bir gezek zarýadlanmada ätiýaçlyk ýoly 489 kilometre deňdir. Bir hereketlendirijili elektrokar sagatda 100 kilometr tizlige 5,4 sekunt sarp edýär.
Ýatlap geçsek, Taycan elektromobiliniň bir motory bolan esasy görnüşiniň premýerasy 2020-nji ýylyň tomsunda geçirildi.

şu gün 14:00
815

Täze BMW i3-iň üçden bir bölegi gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlandy. Ol bir zarýadda 900 km ýol geçýär

BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar...

şu gün 04:19
1.5k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

düýn 15:16
1.8k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.9k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...