Ibrahimowiç 12-nji gezek Şwesiýada ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 25.11.2020 23:30
  • 4.2k+

Şwesiýanyň Futbol birleşigi 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysyny saýlady. Bu ugurda ýeňiji “Milanyň” hüjümçisi Zlatan Ibrahimowiç boldy.

- Ibrahimowiç "Milanda" görkezen tagallalary üçin "Altyn topy" alar. Hemme zadyň bir ýerde durup galan ýylynda ol hereketini dowam etdirdi we dünýäniň iň uly futbol klublarynyň birinde haýran galdyryjy lider we ýeňiji boldy - diýlip, Şwesiýanyň Futbol birleşiginiň saýtynda aýdylýar.

Oýunçynyň bu baýragy 12-nji gezek alýandygy bellenildi. Mundan öň Ibrahimowiç bu baýragy ilki 2005-nji ýylda, soňra bolsa 2007-2016-njy ýyllar aralygynda alypdy.
Ibrahimowiçiň "Milanyň" düzümine şu ýylyň ýanwar aýynda goşulandygyny ýatladýarys. Bu möwsümde ol ähli ýaryşlarda klub üçin 10 oýun oýnady, 11 pökgi geçirdi we 2 geçirim etdi.

şu gün 10:04
312

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
2.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.4k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......