"Barselona" ÇL-niň oýnuna soňky 9 ýylda iň ýaş düzüm bilen çykdy

  • 25.11.2020 23:02
  • 6k+

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji aýlawynda "Barselona" Kiýewiň "Dinamosyny" ýeňdi. Duşuşykda katalonlylar 4:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Çempionlar ligasynyň bu oýnuna "Barselonanyň" 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndan bäri iň ýaş başlangyç düzüm bilen çykandygy  habar berildi. Kiýewliler bilen bolan oýunda toparyň ortaça ýaşy 24 ýaş 206 gün boldy.
Kiýewiň "Dinamosy" bilen bolan oýun üçin "Barselonanyň" başlangyç düzümi şeýledi: Ter Ştegen, Firpo, Dest, Langle, Mingesa, Alenýa, Koutinýo, Pedri, Pýaniç, Trinkau, Breýtweýt.
"Barselona" ​​heniz ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň gutarmagyna iki aýlaw galanda, Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi. Topar toparçalaýyn tapgyrdaky bolan oýunlaryň ählisinde hem ýeňiş gazandy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......