World Athletics Awards-yň finalçylary belli boldy

  • 24.11.2020 19:17
  • 3.2k+

World Athletics Awards-2020 baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyna bary-ýogy 11 gün galanda, baýragyň 2020-nji ýylyň ýylyň erkek atletleri boýunça bäş sany finalçysy tassyklandy.

Üstümizdäki ýylda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýüze çykan köp sanly kynçylyklara garamazdan, bäş ýurda we üç sebit birleşigine wekilçilik edýän bäş türgen 2020-nji ýylda ýeňil atletika oýunlarynyň ählisinde ajaýyp çykyşlary görkezip, ýokary netijeleri gazandy.

Finalçylar:
Joşua Çeptegei, Uganda
- 5000 metr (12:35,36), 10000 metr (26:11,00) we uly ýolda 5 km (12:51) aralykda dünýä rekordlaryny täzeledi.
- ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda ýarym marafonda dördünji orny eýeledi we uzak aralykda ilkinji gezek çykyş etdi.

Raýan Krauzer, ABŞ
- ýadro zyňmakda 10 ýaryşda ýeňilmedi
- görkezen iň gowy görkezijisi bolan 22.9 netije ony dünýä reýtinginde üçünji orna çykardy.

Mondo Duplantis, Şwesiýa
- Syrykly bökmekde iki gezek dünýä rekordyny täzeledi (6,17 we 6,18) we açyk howada iň ýokary böküşi görkezdi (6,15)
- 16 ýaryşda ýeňilmedi.

Ýohannes Wetter, Germaniýa
- naýza zyňmak boýunça dokuz ýaryşdan sekizisiniň ýeňijisi
- dünýäniň iň gowy 97,76 netijäni görkezdi, zyňyş uzaklygy boýunça taryhda ikinji boldy.

Karsten Warholm, Norwegiýa
- päsgelçilikli ýodadan 400 metre ylgawda dünýäde iň gowy, taryhda bolsa ikinji 46,87 netijäni görkezdi
- 400 metre / päsgelçilikli ýodadan 400 metre ylgamak boýunça dokuz ýaryşda ýeňilmedi we 300 metr aralyga ylgamakda dünýäniň iň gowy 33,78 netijesini görkezdi.

2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy türgenleriniň finalçylary üç taraplaýyn ses berişlik esasynda kesgitlenildi.
Ýylyň iň gowy erkek we zenan türgenleri 5-nji dekabrda wirtual formatda geçiriljek we World Athletics Awards 2020-niň baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda göni ýaýlymda yglan ediler. Dabara World Athletics-iň YouTube kanalynda, Facebook we Twitter sahypalarynda göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

şu gün 16:18
3.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
2k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....